«TÜRKMENARAGATNAŞYK» AGENTLIGINIŇ KOSMOS MÜDIRLIGI

Biz Barada

 

 «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Kosmos müdirligi ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak hem-de Türkmenistanda kosmos işini ýola goýmak we ösdürmek maksady bilen döredildi.

  Hemra aragatnaşyk ulgamy soňky onýyllyklarda dörän ylymyň we tehnikanyň täze ugurlarynyň biridir. Ol raketa tehnikasynyň, kosmos tilsimatlarynyň, informatikanyň hem-de sanly argatnaşyk tehnikasynyň ulanylyş çäkleriniň iň soňky gazananlaryna esaslanýar.

  Aragatnaşygy global hem-de sebitleýin durmuşa geçirmeklik esasan optika-süýmli we hemra aragatnaşygynyň ulanylmagy netijesinde mümkin boldy.   Optiki-süýmli aragatnaşyk geçiriji liniýalarynyň döredilmegine garamazdan hemra aragatnaşyk ulgamy ýerüsti ilkinji aragatnaşyk torlarynda möhüm orna eýedir.

  «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Kosmos müdirliginiň bölümleri aşakdakylardan ybarat:

  • Kosmos ulgamlary we maglumat howpsuzlygy bölümi.

  • Tehniki ulgamlary meýilleşdirmek we ornaşdyrmak bölümi.

  • Işgärler syýasaty we ýörite işler bölümi.

  • Buhgalteriýa hasabaty bölümi.

  • Hemrany ýerüstünden dolandyryş merkezi (Ahal welaýaty).

  • Hemrany ýerüstünden dolandyryş stansiýasy (Daşoguz welaýaty).

 

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Kosmos müdirligi