Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Kosmos müdirligi
2026-njy ýyl "Garşssyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany"
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan agirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýa jemgyýetçiligine ýetirmage mümkinçilik berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň "Döwlet adam üçindir!", hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň "Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!" diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwüründe ýurdumyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz türkmen halkynyň milli hasiýetiniň esasyny düzýan, asyrlaryň jümmuşinden gelýän özboluşly däp-dessurlaryna, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanmak bilen, jemgyýetiň jebisligi we durnuklylygy, ýurduň asuda ösuşi üçin uly tagallalary edýär.Garaşsyzlyk ýyllary içinde giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň işi dünýaniň ösen dňwletleriniň tejribesi esasynda kamilleşdirilip, milli ykdysadyýetiň ozboluşly hazirki zaman türkmen nusgasy kemala getirildi. Geljek ýyl - Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýyly. Biziň bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydyr, gymmatly baýlygydyr, beýik ösuşlerimiziň nyşanydyr. "At - myrat" diýlişi ýaly, täze ýyl bagtyýar halkymyzy maksat-myradyna ýetirer. Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ahmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar.
Köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikleri, bedew bady bilen ösüşleriň belentligine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýlak-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şohratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, milli mirasymyza çaksiz buýsanç, söýgi we hormat goymak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan agirt uly, bedew batly beýik ösuşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem 2026-njy ýyly atlandyrmak barada halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz oňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edyar:
2026-njy ýyly "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistaň bedew batly at-myradyň mekany" ýyly diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Mejlisiniň
Başlygy D.GULMANOWA.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 26-njy dekabry.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Kosmos müdirligi